Screen not supported
Oýun sanawy
“Citibank” bir müşderiniň hasabyna 280 dollaryň ýerine 81 trillion dollar geçirdi
“Citigroup” maliýe kompaniýalar toplumynyň agzasy bolan Amerikanyň "Citibank" banky uly möçberli puly tas ýitiripdi. Ol 280 dollaryň ýerine müşderiniň hasabyna 81 trillion dollar geçirdi. Bu barada "Financial Times" gazetine salgylanyp, TASS habar berdi.
Ýalňyş geleşik iki bank işgäri tarapyndan gözden geçirildi. Olaryň ikisi hem ýalňyşlygy görmedi. Geçiriş bellige alnandan ertesi güni üçünji hünärmen pul möçberde näsazlygy görüp, tölegi ýatyrdy.
2021-nji ýylda “Citibank” bankyň baş direktoryň işinden aýrylmagyna we möhüm maliýe jerimelerine sebäp bolan uly dawa bu maliýe edara zeper ýetirdi. Şol wagt bank ýalňyşlyk bilen "Revlon" kosmetika kompaniýasynyň kreditorlaryna 7,8 million dollaryň ýerine 900 million dollar geçirdi we geleşigi ýatyrmak üçin kazyýete ýüz tutmaklary şowsuz boldy.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ