Screen not supported


scope

Oýun sanawy



FIFA 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparlaryň sanyny 64-e ýetirmegi göz öňüne tutýar

1.541k
·
07 Mart. 10:37

Çeşme

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparlaryň sanyny 64-e ýetirmek mümkinçiligine seretmegi meýilleşdirýär.

Bu teklip Urugwaýyň wekili tarapyndan öňe sürüldi. Bu başlangyç 1930-njy ýylda geçirilen ilkinji dünýä çempionatynyň 100 ýyllygy mynasybetli möhüm waka bolup biljekdigi barada aýdyldy. 1930-njy ýylda Dünýä çempionatyny kabul eden Urugwaý ýüz ýyldan soň bu ýaryşyň geçirilýän ýerleriniň biri bolar.

Amerikanyň “The New York Times” gündelik gazetiniň habaryna görä, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bu pikiri goldady we ony gyzykly hasaplady hem-de goşmaça seljerme geçirmegiň zerurlygyny nygtady.

FIFA geňeşiniň beýleki agzalarynyň seslenmeleri dürli boldy. Käbir hünärmenleriň pikiriçe, ýaryşa gatnaşjak toparlaryň sanyny 64-e çenli giňeltmek geçirilmeli duşuşyklaryň köpelmegine we degişlilikde goşmaça maliýe çykdaýjylaryna sebäp bolar. Bu bolsa logistikada hem kynçylyklary döredip biler.

2030-njy ýylyň dünýä çempionaty üç yklymda, ýagny Ýewropada (Ispaniýa we Portugaliýa), Afrikada (Marokko) we Günorta Amerikada (Urugwaý, Paragwaý we Argentina) geçiriler we taryhda aýratyn tapawutly waka bolar.