Screen not supported
Oýun sanawy
Fewral aýynda paýtagtymyzdaky Rus öýünde birnäçe çäreler geçiriler
Aşgabatdaky Rus öýi 2025-nji ýylyň fewral aýynda geçiriljek çäreleri yglan etdi. Dürli medeni we bilim çäreleri gatnaşyjylara dünýägaraýşyňy ösdürmek, rus medeniýeti bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürlär.
4-nji fewralda sagat 16:00-da görnükli suratkeş W.A.Serowa-nyň doglan gününiň 160 ýyllygyna bagyşlanan şekillendiriş sungaty sapagy bolar. Bu çäre 7 ýaşdan uly çagalar üçin niýetlenendir.
5-nji fewralda sagat 16: 00-da Russiýanyň Biotehnologiýa Uniwersitetine ýazylmak isleýän umumy orta mekdep we orta hünär okuw mekdebiniň okuwçylary üçin açyk sapak görnüşinde onlaýn çäre bolar. Gatnaşýanlar 15 ýaşdan kiçi bolmaly däl.
6-njy fewralda sagat 16:00-da Russiýanyň Ylymlar güni mynasybetli “Tabakdaky gelejek” filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre 9 we ondan uly ýaşly tomaşaçylar üçin niýetlenilendir.
10-njy fewralda sagat 16:00-da A.S.Griboýedow-yň doglan gününiň 230 ýyllygyna we Diplomat gününe bagyşlanan interaktiw çykyşlar bolar. Çärä 15 ýaşdan uly ýetginjekler we uly ýaşly adamlar gatnaşyp biler.
11-nji fewralda sagat 17:00-da Rus öýi “Dostlar bilen duşuşmak güni” atly şekillendiriş sungaty sapagyny geçirer. Gatnaşýanlar 7 ýaşly çagalar bolup biler.
18-nji fewralda sagat 17:00-da Bütindünýä deňiz süýdemdirijiler gününe bagyşlanan sapak guralar. Sapak 7 ýaşly çagalar üçin niýetlenilendir.
Şol gün, 18-nji fewralda sagat 17: 00-da gatnaşyjylar ýazuwyň gelip çykyşynyň taryhy barada öwrenip boljak leksiýa sapagyna gatnaşyp biler. Bu çäre 12 ýaşdan uly ýetginjeklere niýetlenendir.
20-nji fewralda sagat 16: 00-da Russiýa Federasiýasynyň Watan Goragçylaryna bagyşlanan çäre bolar. Gatnaşýanlar 15 ýaşdan uly bolmaly.
25-nji fewralda sagat 18: 00-da Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklar institutyna ýazylmak isleýän umumy orta mekdebiniň we orta hünär okuw mekdebiniň okuwçylary üçin onlaýn çäre geçiriler. Çärä gatnaşyjylar 15 ýaşdan uly bolmaly.
26-njy fewralda sagat 16: 00-da Rus öýi Maslenitsa baýramyny bellär. Bu çäre 5 we ondan uly çagalar üçin amatly bolar.
27-nji fewralda sagat 17: 00-da Q7 ussasynyň gatnaşmagynda kalligrafiýa boýunça ussatlyk sapagy bolar. Bu çärä 7 ýaşdan uly çagalar gatnaşyp bilerler.
28-nji fewralda sagat 16: 00-da Maslenitsa baýramçylygy dowam eder. Bu çäre 5 ýaş we ondan uly çagalar üçin hem amatlydyr.
Çärelere girişler mugt bolar. Olara gatnaşmak üçin öňünden e-poçta salgysy bilen hasaba alynmaly: otdel_tm@mail.ru.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ