Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi
Şu gün, 30-nji martda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň çäginde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berýär.
Bu tapgyryň merkezi duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, onda “Ahal” hem-de “Altyn Asyr” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda döreden mümkinçiligini ýerlikli peýdalanan “Altyn Asyr” topary 1:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.
AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşandygy sebäpli 4-nji tapgyrda ilkinji duşuşygyny geçiren “Arkadag” topary öz meýdanynda Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparyndan uly hasap bilen üstün çykdy – 4:0. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Aşgabat” topary myhmançylykda “Köpetdagy” 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Futbol çempionatymyzyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary 2-nji hem-de 3-nji aprelde geçiriler: “Merw” – “Arkadag”, “Aşgabat” – “Nebitçi”, “Altyn Asyr” – “Köpetdag”, “Şagadam” – “Ahal”.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ