Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Maşgala bilen amatly bahadan dynç alyş – Aşgabadyň haýwanat bagynda

68
·
17 Aprel. 12:13

Siz maşgalaňyz bilen bir gün şähere ýa-da tebigata çykyp, emma kän çykdaýjy etmän nirede dynç almagy bilmeýän bolsaňyz, Aşgabadyň ýaşyl, asuda we juda janly jogaby bar: ol ýer – Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýi, ýa-da halk arasynda has ýönekeý at bilen tanalýan “haýwanat bagy”.

 

Bu ýerde şäheriň gyzgalaňly durmuşyndan uzakda giň meýdançalar, salkyn saýa salýan agaçlar, çüwdürimler we iň möhümi — janly tebigaty duýmaga mümkinçilik berýän haýwanlar bar.

 

Giriş petegiň bahasy bary-ýogy 5 manat. Şu ýerde dynç almak bilen siz diňe bir gezelenç etmän, eýsem çagaňyza hakyky düýäni, aýyny, flamingo guşuny, hatda düýeguşy görkezip bilersiňiz. Şeýle ujypsyz çykdaýjy bilen kiçi başdan geçirmä duçar bolarsyňyz.

 

Petek “Dünýä haýwanlary” pawilýonyna hem girmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde dürli görnüşli balyklary akwariumda synlap bolýar.

 

Haýwanat bagynyň iň täsin ýaşaýjylarynyň biri — Sumbar atly aýy. Ol ýörite Aşgabada Moskwanyň haýwanat bagyndan getirilipdir. Russiýada başga bir aýy üçin gan donor bolupdyr — bu bolsa örän seýrek ýagdaý. Aýylarda jemi ýedi gan topary bolýar, şonuň üçin gabat gelýän donor tapmak — hakykatdan hem uly kynçylyk. Häzirki wagtda Sumbar Janly tebigatyň muzeýinde ýaşaýar we diňe güýç-kuwwatyň däl, eýsem mähremligiň hem nyşanyna öwrüldi.

 

Bu ýerde şeýle hem seýrek duşýan alajagaplaňlar, keýikler, baýguşlar, möjekler, hatda krokodiller hem bar. Öý haýwanlaryny hem synlap bolýar – olar çagalaryň iň halaýan jandarlary. Çagalaryň göwünlerinden turjak ýerleriniň ýene-de biri bolsa — maýmynlar meýdançasy. Ol ýerde hiç kimiň içi gysmaz.

 

Haýwanat bagynyň umumy meýdany 40 gektara golaý. Munuň ňzi giň meýdanda ýöremek, agaçlaryň saýasyna geçip dynç almak, oturgyçlarda nahar iýmek, bir günüň dowamynda açyk asmanyň astynda gezmek üçin uly mümkinçilik bolup durýar. Üstesine-de, dürli agaçlar bilen bezelen bakja arassa saklanýar, howa salkyn.

 

Bu ýer fotosurata düşmek üçin hem örän ajaýyp künjek – diňe haýwanlar däl, eýsem ýaşyl tebigat hem-de uzakdaky Köpetdagyň gerşi suratlary has owadan bezeýär.

 

Haýwanat bagy diňe “baryp, haýwanlara syn etmek” diýmek däl. Bu – sada lezzetleriň henizem barlygyny ýadyňa salýan ýer. Çagalaryň göwünlerini göterýän, el telefona güýmenmän, bar sesi bilen gygyryp myhmanlaryň ünsüni özüne çekýän totyguşlara tomaşa etmäge çalyşylýan pursatlardyr. Bu ýerde arassa howadan dem alyp bolýar.

 

Muzeýiň iş wagty: kassalar sagat 20:00-da ýapylýar, emma haýwanat bagynyň içinde bolsa 21:00-a çenli gezelenç edip bolýar.

 

Şäher durmuşynyň tizliginiň artýan döwründe, haýwanat bagy — tebigata we birek-birege golaý bolmagyň ajaýyp mümkinçiligidir.



























KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ