Screen not supported
Oýun sanawy
Adam näçe dil öwrenip biler?
Bu günki gün iki ýa-da üç dil bilip, hiç kimi geň galdyryp bolmaýar. Dünýäniň tiz globallaşýan döwründe birnäçe dilleri kämil bilmek işiňde üstünlik gazanmagyň iň möhüm şertidir. Häzirki wagtda dört dil bilýänlere poliglot, ondan köp dil bilýänlere bolsa giperpoliglot diýilýär. Mysal hökmünde aýtsak, Şweýsariýanyň dört resmi dili bar: nemes, fransuz, italýan, roman — şol sebäpden hem, her ortaça şweýsariýaly poliglotdyr. Adamyň näçe dil öwrenip biljekligi entek ylyma mälim bolmasa-da, adamzat taryhynda diňe öz ene dili bilen çäklenmän, köp daşary ýurt dillerini suwara bilýän adamlar hemişe-de bolandygy welin anykdyr.
Taryhy maglumatlara görä, Budda ýüzden gowrak dilde gürläp bilipdir, kardinal Juzeppe Mezzofanti bolsa altmyş dilde erkin gürläpdir, elli töweregi dilde goşgy ýazypdyr we bir ýüz on dört dilden terjime etmegi başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde-de hiç wagt Italiýadan çykmandyr!
Eýýäm orta asyrlardan başlap, daşary ýurt dillerini bilmeklik medeniýetiň iň ýokary derjesi hasaplanypdyr. Mysal üçin, Ýekatarina II, nemes we rus dillerinden başga-da, üç dilde suwara gürläpdir.
Ýöne poliglossiýa ýa-da köp dillilik näme bolýar? Aýratyn zehinmi ýa-da erjellikmi, mümkin höwesdir? Aslynda dil öwrenmegiň aňyrsyna çykan adam barmy? Gözlegler, iň ýokary derejäniň ýokdugyny, höwes we zeruryýet ýüze çykan ýagdaýynda, her bir adamyň isledigiçe dil öwrenip biljekdigi welin anyklanandyr. Adam güýjüniň we wagtynyň ýetdiginden islän dilini öwrenip biler. Bularyň hemmesi her bir adamyň öz isleglerine, höwesine we erjelligine baglydyr.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ