Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Siz bu maşgala däpleri barada eşidipmidiňiz?

3.487k
·
07 Mart. 13:16

Çeşme

Dünýäniň halklarynyň maşgala däp-dessurlary biri-birinden örän tapawutly. Şol sebäpden hem käbirlerine adaty bolan edim-gylymlar beýlekilere düýbünden geň we üýtgeşik görnüp biler.

Ýaponiýa

Ýaponlar ata-babalaryna uly hormat goýýarlar we olaryň hormatyna öýlerinde aýratyn ýer taýynlaýarlar we şol ýerde wagtal-wagtal olaryň gowy gören iýmitleridir süýjüliklerini ýa-da ter çemenleri getirip goýýarlar. Bu däp ýaponlarda ata-babalaryna bolan iň ýokary hormaty aňladýar.

Hindistan

Hindi medeniýeti hemişe-de haýwanlaryň aladasyny edýär. Her ýyl Hindistanda indus hasyl baýramy bolan «Taý Pongai» bellenip geçilýär we bu döwürde adamlar haýwanlara aýratyn ideg edýärler. Haýwanlara kömek bermek bilen olar adamyň hem güýçli däldigini we haýwanlaryň edýän täsiri hakynda ýatlap durmak maksady bilen edilýär.

Gollandiýa

Sinterklas — bu baýramçylyk möwsümi bolup, baýramçylygyň däpleri köpleriň göwnünden turýar. Umuman baýramçylygyň däp-dessurlarynyň agramly bölegi ululara degişli. Olar tebigatda oduň başynda oturyp, şlapadan kimdir biriniň adyny çekip alýarlar we şol adam barada goşgy ýazýarlar. Oýnuň maksady hem beýlekileriňkiden gyzykly  goşgy düzmek, sebäbi köpçülik gyzykly gören goşgularyna ses berýärler. Golland maşgalalarynyň agzalary üçin bu iň uly sowgat hasaplanýar.

Koreýa we Wýetnam

Türkençilikde çaganyň süýt dişi gopsa, tut agajy ýaly berk bolsun diýip, tut agajynyň düýbüne gömýärler. ABŞ-de bolsa, çaga wagtymyz multifilmde görşümiz ýaly, çagalar dişi ýatanlarynda ýassygyň aşagynda goýup, ony diş perişdejiginiň alyp, ornuna sowgat goýup giderine garaşýarlar. Emma Hindistan, Koreýa we Wýetnam ýaly medeniýetlerde çagalara dişi howlynyň aňry ýüznüne zyňmagy tabşyrýarlar. Zyňan wagtyň bolsa, çaga täze dişiniň edil syçanyňky ýaly bolmagyny arzuw edýärler, sebäbi syçanlar dişlerini ömürlik saklaýarlar.

Bolgariýa

Bolgarlarda bolsa bu däp düýbünden başgaça. Bolgariýada çagalar dişleri ýassyklarynyň aşagyna goýmagyň ýerine, ony öýleriniň üçegine zyňýarlar. Şol bir wagtyň özünde hem täze dişleriniň güýçli we çeýe bolmagyny arzuwlap: «Uly garga men saňa süňk dişimi berýärin, ornuna demir diş ber» diýip gygyrýarlar.

Islandiýa

Islandiýada çagalar diňe bir Aýazbaba däl, eýsem, Täze ýyl baýramçylygyndan iki hepde öň aýlanýan 13 sany ýeserje kömekçilerine-de sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olaryň hem edil Garpamygyň 7 sany girdenegi ýaly hersiniň özüne mahsus lakamy bar: Şem ogrusy, Äpişgeden seredýän, Tort iýiji... Olar gezekli-gezegine ýatylýan otagynyň penjiresinde köwüşlerini goýýan çagalara aýlanýarlar we sowgat paýlaýarlar. Garagol çagalar bolsa, sowgadyň ornuna çüýrän ýeralma alýarlar. (Elbetde, bu ýerde ene-atalaryň tagallasy bar).

Germaniýa

Bu nemes däp-dessuryny Polterabend diýip atlandyrýarlar. Toýdan birnäçe wagt öň, ýaşlaryň  dost-ýarlarydyr dogan-garyndaşlary ýygnanyşyp, farfordan edilen gap-gaçlary döwýärler. Bu döwlen zatlary bolsa, öýlenýän ýigit bilen gelinlik ýygnaşdyrýar. Bu däp täze çatynjalara bagt getirýär diýip ynanylýar.