Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Näme üçin diňe Gündogarda taýajyklar bilen iýmitlenýärler?

11.075k
·
05 Few. 13:49

Belli bir ululykdaky taýajyklar Gündogar Aziýa ýurtlarynda giňden ýaýran aşhana «guraly» hasaplanýar. Olar esasan Ýaponiýa, Hytaý, Koreýa we ş.m. ýurtlarda giňden ulanylýar. Taýajyklar köplenç agaçdan, plastmassadan, süňkden we metaldan ýasalýar. Olaryň adaty uzynlygy 25 sm, nahar bişirmek üçin ulanylýan aşhana taýajyklary bolsa, bambukdan ýasalyp, uzynlygy 37 sm töweregi.

 

Takmynan Hytaý ilatynyň 30% -i nahar edinenlerinde taýajyklary ulanýarlar, ýene 30% -i bolsa, adaty çemçedir wilkalary ulanýarlar, galanlary bolsa eli bilen iýmegi gowy görýärler.

 

 Taýajyklar ilkinji gezek Hytaýda köpçülikleýin ulanylyp başlandy. Olary Hytaýda «kuaýszi» diýip atlandyrsalar, Ýaponiýada «hasi» diýýärler. Ýaponiýada olary ulanmak ýerli ýaşaýjylar üçin özboluşly sungata öwrüldi. Ýapon çagalary kiçilikden taýajyklary ulanmak sungatyny özleşdirýärler. Ol çagalarda herketleriniň çeýeligi bilen bir hatarda akyl taýdan ukyplaryny hem ösdürýär. Her bir ýaponlyda öz şahsy taýajyklary bolup, olary başga birine bermek bolmaýar. Şeýle-de olar üstünligiň we uzak ömrüň nyşany hasaplanýar.

 

Gündogar ýurtlarynda çorba ýaly suwuk naharlar hem taýajyklarda iýilýär. Hytaýda we beýleki ýakyn ýurtlarda nahary howul-hara iýmek aýyp hsaplanýar. Nahar edinmekligiň özi aýratyn sungat bolup, halkyň arasynda ornaşyp galypdyr. Onuň saglyk üçin-de peýdasy köp. Adama dokluk duýgusy nahardan 15-20 minut soň gelýär. Şol wagt aralygynda bolsa gereginden artyk iýmek howpy bar. Hytaýlylar bolsa naharlaryny wagtynda gutarýarlar. Bu bolsa olaryň zenanlarynyň we erkek adamlarynyň syrdamlygynyň aýratyn syrydyr.

 

Ýene-de bir gyzykly ýeri, nahar wagtynyň adatlary ýurtlara görä hem üýtgeýär. Mysal üçin, Hytaýda taýajyklarda iýmit ga:ldyrmak, ýa-da olary kakmak we howada galgatmak gelşiksiz hasaplanýar. Şeýle hem, iýmiti tabakda böleklemek bolmaýar, iýmiti diňe ýokarsyndan almaly.