Screen not supported
Oýun sanawy
“ChatGPT” emeli aňyny “Microsoft Word”-a ýerleşdirip bolýar
“ChatGPT” emeli aňyny “Microsoft Word”-a (we “Excel”-e) ýerleşdirip bolýar eken! Munuň üçin üçin aşakdaky hereketleri ýerine ýetirmeli:
"Главная" menýusyna girip "Надстройки" düwmesine basyň.
Ekrana çykan sanawda “MS Word for ChatGPT” saýlaň we “Добавить” düwmesine basyň.
Ondan soň şuňa meňzeş düwme peýda bolar.
Bu goşmaça gural üsti tekstiňiz bilen dürli amallary aňsatlyk bilen ýerine ýetirip bilersiňiz. Mysal üçin, teksti ýönekeýleşdirmek ýa-da ony has resmi stile getirmek, şeýle hem grammatikany we orfografiýany barlamak, tabşyryk boýunça makalalary ýa-da esse ýazmak we ş.m. işleri amala aşyryp bolýar. EA-nyň türkmen diline gowy düşünýändigini göz öňünde tutup, onuň ofis işgärleri üçin ajaýyp kömekçi bolup biljekdigi ähtimal.
Emma, mugt barlag döwri üçin 99 “token” (ýagny, tabşyryk) elýeterdir. Olar tamamlanandan soň, nyrh meýilnamasyny saýlamaly bolar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ