Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Näme üçin pişeleriň durmuşymyzda gaty möhüm orny bar?

2.726k
·
21 Few. 09:38

Biziň durmuşymyzda pişeleriň orny örän uly, esasan hem öz-özüňi kämilleşdirmekde. Pişe adamlaryň gizlenip ýatan ukyp-başarnyklaryny, zehinini ýüze çykarýar. Kähalatlarda öň bolmadyk ukyp-başarnyklary döredip hem kämilleşdirip-de biler. Mundan başga-da, güýmenje beýnimize we bedenimize doly dynç almaga we iş we gündelik aladalary ýatdan çykarmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin işden boş wagtyňyz özüňizi gyzyklandyrýan başga işler bilen meşgullanmak diňe bir beden saglygymyz üçin däl, eýsem psihiki saglygymyz üçin hem peýdaly. Şu ýerde pişeleriň peýdaly tarapy barada gysgaça durup geçesim gelýär:

1. Keýpiňi çag edýär. Iş, okuw we beýleki işler bilen meşgullanyp ýörkäk beýnimiz dynuwsyz işlemeli bolýar. Bu bolsa ýadawlyga ahyrsoňy hem gaharjaňlyga eltip bilýär. Lezzet alýan işimizi etmek bolsa, günde gaýtalanyp duran işlerden dynç almaga mümkinçilik berýär. Netijede, keýpiňiz hem gowulaşýar.

2. Aragatnaşygy gowulandyrýar. Pişeler pikirdeşimizi tapmaga kömek edýär. Umumy bir zada gyzyklanmasy bar bolan adamlara pikir alyşmak, umumy mowzuklary tapmak we dostlaşmak aňsat bolýar.

3. Güýmenjelerimiz durmuşda deňagramlylygy saklamaga kömek edýär — halaýan bir işimiz bar bolsa, ondan lezzet alýan bolsak, durmuşda yzygiderli ýüze çykyp biljek durmuş wakalaryna, kynçylyklara arkaýyn jogap berip bileris.

4. Şahsy häsiýetleri kämilleşdirýär — pişe bizde döredijilikli pikirlenmek, özüňe ynam, erjellik ýaly dürli endikleri ösdürmäge kömek berýär, maksatlara ýetmäge höweslendirýär we bu ösüş bolsa soňlugy bilen durmuşymyzda esasan hem işde öz miwesini berýär.

Eger-de sizde häzire çenli pişäňiz ýok bolsa, muňa garamazdan bir gyzykly zatlar bilen meşgullanmak isleýän bolsaňyz bolsaňyz öz dost-ýarlaryňyzdan hem görelde alyp bilersiňiz. Meselem: meniň joralarymyň biri el işlerini gowy görýär we özi we biziň üçin ajaýyp zatlar ýasaýar. Başga bir joram bolsa taryhy romanlary okamagy, şol eser boýunça düşürilen filmlere tomaşa etmegi halaýar. Soňra rezissýorlaryň pikirleri bilen şol wakalary öz göz öňüne getirişini deňeşdirip görýär.

Pişeler özugruna gülkünç-de bolup biler! Mysal üçin, peýdasyz, ýöne gaty geň-enaýy zatlary toplamak.