Screen not supported
Oýun sanawy
Brodweý ýyldyzlary konsertler bilen çykyş etmek üçin Türkmenistana geler
ABŞ-nyň Ilçihanasy amerikan sungat işgärleri Keýt Bäsiň, Äron Ýaňyň we Riçard Staýgneriň 13-24-nji ýanwar aralygynda Türkmenistana sapar etjekdigini habar berýär. Saparyň dowamynda olar türkmen kärdeşleri bilen hünär alyş-calyş çärelerine gatnaşyp, bilelikdäki amerikan – türkmen konsertlerinde çykyş ederler. "Broadway and Beyond" atly konsertler Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Daşoguzda geçiriler.
Aşakda konsertler barada maglumatlary okaň:
Aşgabat - 16-njy ýanwar, 19:00
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi
Türkmenbaşy - 18-nji ýanwar, 19:00
Geçiriljek ýeri: "Türkmennebit" Döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumy
Balkanabat - 20-nji ýanwar, 19:00
Geçiriljek ýeri: Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry
Daşoguz - 22-nji ýanwar, 19:00
Geçiriljek ýeri: Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry
Aşgabat - 24-nji ýanwar, 19:00
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ