Screen not supported


scope

Oýun sanawy



7 ýaşly çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri esasynda kardiohirurgik operasiýasy amala aşyryldy

9.916k
·
11 Few. 14:48

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy bolan 7 ýaşly çaga Gülnara Rahymbaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen lukmançylyk bejergi aldy.

Dogabitdi ýürek kemisligi, garynjykara germewiniň deffekti kesel kesgitlemesi bar bolan ýaş çaga Halkara kardiologiýa merkeziniň lukmanlary tarapyndan kardiohirurgik operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy.

Operatiw bejergiden soň çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly.

Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň lukmançylykda berýän halypalyk maslahatlary we teklipleri esasynda ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda bejergileriň üstünlikli amala aşyrylmagy saglygyny dikeltmäge mätäç çagalaryň doly derejeli sagdyn bolmaklary ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Munuň üçin çagalar hem-de olaryň ata-eneleri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler.