Screen not supported
Oýun sanawy
ÝUNISEF-iň wekili: "Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işi mätäçlere kömek etmegiň ajaýyp mysalydyr"
Türkmenistanda çagalarynyň hukuklaryny goramak ugrunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-nyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky şertnama gol çekişlik dabarasyndan soň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna şeýle diýdi:
“Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri mätäçlere kömek etmek däbiniň durmuşa geçirilmeginiň ajaýyp mysaly bolup durýar. Bu Gazna 2021-nji ýylda döredilen gününden başlap, tutuş ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalara bejergi we lukmançylyk kömegini berýär".