Screen not supported
Oýun sanawy
PSŽ-niň tälimçisi: "Biz – Ligue 1-iň iň gowy topary"
PSŽ-niň baş tälimçisi Luis Enrike "Sent-Etýen" bilen duşuşykdan öň geçirilen metbugat duşuşygynda şeýle diýdi: "Biz matematiki taýdan çempion bolanymyzy tassyklamazdan ozal, resmi taýdan çempion däl. Emma biz eýýäm özümizi çempion ýaly duýup bileris. Biz – Ligue 1-iň iň gowy topary."
Ispan hünärmeniniň aýtmagyna görä, topar galan çempionat duşuşyklaryny Fransiýanyň Kubogy we Çempionlar ligasynyň möhüm tapgyrlaryna taýýarlyk hökmünde ulanar.
Luis Enrikeniň ýolbaşçylygyndaky topar bu dynç günlerinde, çempionatyň tamamlanmagyna sekiz tapgyr galanda, matematiki taýdan çempionlygyny kepillendirip biler diýip, France24 habar berýär.