Screen not supported
Oýun sanawy
Mehdi Mersýe: "Türkmen milli we üflenýän saz gurallarynda çalmak mekdebi uly hormata mynasyp"
"Türkmen milli we üflenýän saz gurallarynda çalmak mekdebi uly hormat döredýär — ol berk we gorap saklanylýan däp-dessurlara hem-de saza bolan ýürekden söýgä daýanýar." Bu sözleri Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwalyna gatnaşan Fransiýaly sazanda Mehdi Mersýe aýtdy.
"Men [Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň] talyplarynda ägirt uly zehini gördüm. Bu meniň Türkmenistana ilkinji saparym. Gynansak-da, wagtym az boldy. Men esasan türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň eserini ýerine ýetirmäge taýýarlyk bilen meşgullandym. Täze ýerde çykyş etmäge taýýarlanmak üçin ähli ünsi taýýarlyga bermeli boldum. Emma şonda-da görüp ýetişen az-owlak zatlaryň hem gözelligi meni haýran galdyrdy: ajaýyp arassa köçeler, belent gurluşyk, şäheriň ýagty we aýratyn arassa howasy we, elbetde, diýseň mähirli we päk ýürekli adamlar."