Screen not supported
Oýun sanawy
IWF-nyň Prezidenti: "Türkmenistanda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ajaýyp şertler döredildi"
Türkmenistanda halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Bu barada Halkara Agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Prezidenti Mohammed Jalood türkmen metbugatyna beren beýanatynda aýtdy.
Ol 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, 2018-nji ýylda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine eden saparlaryny aýratyn mähir bilen ýatlaýandygyny nygtady we ak mermerli Aşgabadyň özboluşly gözelligine ýokary baha berdi.