Screen not supported
Oýun sanawy
Bill Geýts: “Emeli intellekt diňe üç hünärmeniň ýerini tutup bilmez”
Bill Geýtsiň pikiriçe, emeli intellekt (EI) geljekde önümçilikden oba hojalygyna çenli köp ugurda adamlaryň ýerini tutar. Şeýle-de bolsa, onuň pikiriçe, töwekgelçilik etmeýän azyndan üç hünär bar.
Birinjisi programmistler. EI össe-de, onuň işleýşine düşünýän we ýalňyşlyklaryny düzedýän adamlar bolar. Geýts "Munuň özi kalkulýatorlaryňyz barlygy sebäpli köpeltmegi öwrenmeli däl diýmek ýalydyr" diýip pikir edýär.
Ikinjisi biologlar. Emeli intellekt DNK-ny seljerip we diagnoz goýmaga kömek edip bilýän hem bolsa, ylmy açyşlar adamyň pikirlenmegini we duýgurlygyny talap edýär.
Üçünjisi energetikler. Geýts bu pudagyň gaty çylşyrymlydygyny we doly awtomatlaşdyrylyp bilinmejekdigini aýtdy.
Şeýle hem, EI-iň kömegi bilen geljekde adamlar diňe hepdede 2-3 gün işlemeli bolarlar. Galan wagtlar döredijilige ýa-da dynç alyşa bagyşlanyp bilner - elbetde, munuň hem ýerini tehnologiýa tutmasa.