Screen not supported


scope

Oýun sanawy



AFK-nyň Prezidenti: “Türkmen futboly ajaýyp tizlikde ösýär”

36
·
12 Aprel. 16:00

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) prezidenti, şeýh Salman bin Ibragim Al Halifa, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekow bilen Malaýziýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçiren duşuşygynda türkmen futbolynyň ösüşine ýokary baha berdi.

“Türkmenistanda futbol ajaýyp tizlikde ösmegini dowam edýär, AFK-nyň ýaryşlarynda türkmen toparlarynyň üstünlikli çykyşlary bolsa Federasiýanyň maksadalaýyk alyp barýan işiniň aýdyň subutnamasydyr” diýip, şeýh Salman aýtdy hem-de AFK-nyň ýöriteleşdirilen ösüş maksatnamalarynyň üsti bilen türkmen futbolynyň mümkinçilikleriniň açylmagyna goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.