Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Abdullah Eren: «Biz türkmen halkyny gaty gowy görýäris. Biziň umumy taryh geçmişimiz bar»

52
·
08 Aprel. 09:03

Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligiň (YTB) başlygy Abdullah Eren we onuň ýanynda bolýan wekiliýet 7-nji aprelde Aşgabada resmi sapar bilen geldi.

Žurnalistlere beren interwýusynda Abdullah Eren Türkmenistanyň türk halky üçin ähmiýetini nygtady: «Türkmenistan türk medeniýeti we taryhy nukdaýnazaryndan örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu sebitden, ýagny Horasandan we Horezmden türk-yslam taryhynda uly yz galdyran meşhur alymlar, görnükli syýasatçylar we beýik döwlet işgärleri çykandyr».

YTB-niň başlygy şeýle-de häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 2,5 milliard dollar töweregi bolandygyny we ony 5 milliarda çenli ýokarlandyrmagyň meýilleşdirilýändigini ýatlatdy.

«Biz türkmen halkyny gaty gowy görýäris. Biziň umumy taryhy geçmişimiz bar» — diýip, Abdullah Eren nygtady we Türkmenistanyň Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen bir hatarda türki dünýäsiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ähmiýetini belläp geçdi.