Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanda «Iň eýjejik gyzjagaz - 2025» bäsleşigi geçirilýär

1.480k
·
13 Mart. 07:56

Çeşme

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Iň eýjejik gyzjagaz - 2025» atly bäsleşigi yglan etdi.

Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilýär. Oňa ozal «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzjagazlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga, 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan ýeňijiler yglan ediler. Ýeňijilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok