Screen not supported
Oýun sanawy
Dünýäniň iň gadymy kompaniýasy
Bu günki gün Apple, Google we Microsoft iň tanymal kompaniýalaryň arasynda öňdebaryjy hasaplanylýar. Birinji kompaniýa meşhur smartfonlary öndürýän bolsa, ikinjisi hemmeleriň ulanýan gözleg ulgamyny oýlap tapdy, üçünji biri bolsa, dünýä belli Windows amal ulgamyny işläp taýýarlady. Olaryň döredilenine ýaňy 50 ýyl bolandygyna garamazdan, örän gysga wagtyň içinde meşhurlygy gazanmagy başardylar. Muňa garamazdan, dünýäniň dürli künjeklerinde ýüzlerçe ýyl mundan ozal esaslandyrylan kompaniýalar häzir hem öz işini üstünlikli dowam etdirýärler. 2011-nji ýylda «Dünýäniň iň gadymy kompaniýasy» ady 705-nji ýylda esaslandyrylan Ýaponiýanyň Nisiýama Onsen Keýunkan myhmanahanasyna berildi. Bu biznes nesilden-nesle geçip, häzir kompaniýa şol maşgalanyň 53-nji nesli tarapyndan dolandyrylýar.
Nisiýama Onsen Keýunkanyň esaslandyryjysy Fudziwaro Mahito (imperator Tenjiniň kömekçisiniň ogly) hasaplanýar. Rowaýata görä, Fudziwaro Mahito Akaisi dagynyň tokaýlarynda aw awlap ýörkä, tötänden ýyly suwly çeşmäniň üstünden barýar. Ol bu ýerde adamlaryň dynç almagy üçin bir ýer açmaly diýen karara gelýär, şeýdip, ol bu ýerde myhmanhana gurýar. Bütin dünýäde özüniň gadymylygy bilen tanalýan bu myhmanhanada 2019-njy ýyla çenli Wi-Fi bolmandyr. Myhmanhana öz müşderileriniň doly dynç alyp bilmekleri üçin el telefonlaryndan hem doly ýüz öwürmegi teklip edipdir. Şeýle-de bolsa, kompaniýa tölegsiz interneti talap edýän myhmanlarynyň islegini kanagatlandyrypdyr.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ