Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Muny bilmek gyzykly

6.368k
·
04 Mart. 13:26

Çeşme

1. Bir adam her web sahypasy bary-ýogy bir minut görse, ähli web sahypalaryny görmek üçin 31,000 ýyl gerek bolar. Bir adam ähli web sahypalaryny okamak islese, oňa takmynan 6,000,000 ýyl gerek bolar.

2. Dünýädäki iň beýik kriket meýdançasy Hindistanyň Çail ştatyndaky Himaçal Pradeş meýdançasy hasaplanylýar. Bu meýdança 1893-nji ýylda deňiz derejesinden 2444 metr belentlikdäki ýeri tekizlemek arkaly taýýarlandy.

3. Adam birnäçe hepde iýmitsiz, emma bary-ýogy 11 gün ukusyz ýaşap biler.

4. Adamyň hat ýazýan elindäki dyrnaklary has çalt ösýär.

5. Sanskrit ähli ýokary dilleriň enesi hasaplanýar. Sebäbi kompýuter programma üpjünçiligi üçin iň gabat gelýän dil sanskrit dili hasaplanylýar.

7. Internetdäki traffigiň 80% -i gözleg sahypalaryna degişli bolup durýar.

8. Biz düýşlerde diňe eýýäm gören zatlarymyzy görüp bileris.

9. Gyzgyn suw sowuk suwa seredeniňde tiz doňýar.

10. Ýer şaryny alma görnüşinde göz öňüne getirsek, ýeriň üstündäki atmosfera diňe almanyň gabygyna deňdir.

11. Ýerdäki garynjalaryň agramy ähli adamlaryň agramyna deňdir.

12. Osminogyň üç ýüregi bar.

13. Paraşýutyň taryhy uçaryň taryhyna seredeniňde 1 asyr aňyrdadyr. 14. “Facebook” -y ulanýan iň garry adam hökmünde Lillian Lowe atly 105 ýaşly aýal hasaba alyndy.

14. Ilkinji kamera 1894-nji ýylda ýasaldy we surata düşmek üçin onuň öňünde 8 sagat oturmalydy.

15. Bir ýylda öz içine 61 sekundy alýan 2 minut bar.

16. Her 1 sekuntda ýerde 100 gezek ýyldyrym çakýar.